Rus, gündogar dilleri we edebiýaty fakultetinde “Daşary ýurt dili we edebiýaty (rus dili we edebiýaty)”, “Daşary ýurt dilleri we edebiýaty (hytaý dili we edebiýaty, iňlis dili)”, “Daşary ýurt dilleri we edebiýaty (pars dili we edebiýaty, iňlis dili)” hünärleri boýunça hünärmenler taýýarlanylýar.
Fakultetde iki kafedra bolup, olarda tejribeli halypa professor-mugallymlar bilen bir hatarda ýaş hünärmenler hem zähmet çekýärler.
Fakultetiň uçurymlary orta, başlangyç hünär, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde, ylmy-barlag institutlarynda we edaralarda, mugallym, ylmy işgär, usulyýetçi hem-de ylym, bilim, terbiýeçilik edaralarynda guramaçylyk-dolandyryş wezipelerinde zähmet çekýärler. Türkmenistanda dil bilimini ösdürmekde fakultetiň talyplary we uçurymlary ylmy žurnallarda diliň ylmy ugurlaryna degişli makalalar bilen çykyş edýärler. Institutymyzyň ylmy ýygyndylarynda tipologiýa, leksikologiýa, stilistika we terjime teoriýasyna bagyşlanan ylmy makalalar çap edilýär.
Fakultetde aşakdaky kafedralar hereket edýär: