jero-photo

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty

   Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty ýurdumyzyň iň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biridir. Ol bilim ulgamy üçin ýokary bilimli mugallym hünärmenleri we terbiýeçileri taýýarlaýar.

       Institutyň uçurymlary diýarymyzyň ähli künjeklerinde Alym Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň milli bilim ulgamyny ösdürmek hakyndaky Permanlarydyr, Kararlaryny durmuşa geçirmek, Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara çuňňur bilim we terbiýe bermek ugrunda alyp barýan işlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

         Häzirki wagtda institutda sekiz fakultet: Takyk bilimleri, Tebigy bilimleri, Taryh, Pedagogika, Türkmen dili we edebiýaty, Rus, gündogar dilleri we edebiýaty, Roman-german dilleri we edebiýaty, Hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetleri hem-de talyplar sport kluby hereket edýär. Şeýle-de, institutda 22 kafedra bolup, olar:

1. Fizika  we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasy;

2. Matematika we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasy;

3. Informatika we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasy;

4. Zähmet we tehnologiýalaryň esaslary, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasy;

5. Himiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasy;

6. Biologiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasy;

7. Geografiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasy;

8. Türkmenistanyň taryhy we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasy;

9. Dünýä taryhy we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasy;

10. Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy;

11. Pedagogika kafedrasy;

12. Psihologiýa kafedrasy;

13. Başlangyç synplarda okatmagyň nazaryýeti we usulyýeti kafedrasy;

14. Mekdebe çenli terbiýäniň nazaryýeti we usulyýeti kafedrasy;

15. Bedenterbiýe we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasy;

16. Türkmen dili we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasy;

17. Türkmen edebiýaty we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasy;

18. Rus dili we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasy;

19. Roman-german dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasy;

20. Gündogar dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasy;

21. Daşary ýurt dilleri kafedrasy;

22. Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi UNESCO kafedrasy.

 

Institutda şu aşakdaky ugurlar boýunça hünärmenler taýýarlanylýar:

I. Hünärmen maksatnamasy boýunça

  • matematika we informatika;
  • fizika we informatika;
  • zähmet we tehnologiýalaryň esaslary;
  • himiýa;
  • biologiýa;
  • geografiýa;
  • taryh;
  • başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy;
  • mekdebe çenli bilim we terbiýe;
  • türkmen dili we edebiýaty;
  • daşary ýurt dili we edebiýaty (rus dili we edebiýaty);    
  • daşary ýurt dili we edebiýaty (iňlis dili we edebiýaty);
  • daşary ýurt dilleri we edebiýaty (hytaý dili we edebiýaty, iňlis dili);
  • daşary ýurt dilleri we edebiýaty (nemes dili we edebiýaty, iňlis dili);
  • daşary ýurt dilleri we edebiýaty (pars dili we edebiýaty, iňlis dili);
  • bedenterbiýe.

II. Bakalawr maksatnamasy boýunça

  • başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy;
  • mekdebe çenli bilim we terbiýe;
  • durmuş işi.

III. Magistr maksatnamasy boýunça

  • psihologiýa – pedagogika bilimi.

      Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda halypa-şägirt gatnaşyklarynyň asylly däplerini aýawly saklaýan, ösdürýän hem-de olary baýlaşdyrýan alymlaryň, professor-mugallymlaryň, aspirantlaryň, doktorantlaryň agzybir uly döredijilik topary zähmet çekýär.

         Institutda okuw işleri dört we bäş okuw ýylyna niýetlenen tassyklanan okuw meýilnamalary esasynda alnyp barylýar. Okuw meýilnamalaryna laýyklykda hünärleriň ählisinde jemgyýetçilik, sosial-ykdysady, psihologiýa, pedagogika, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary we daşary ýurt dili dersleri öwrenilýär. Okuw meýilnamalarynyň esasy bölegini talybyň ele aljak hünäri bilen baglanyşykly dersler, mugallymçylyk we beýleki hünär tejribelikleri düzýär. Alym Arkadagymyzyň çuňňur many-mazmunly ylmy we çeper eserleri esasy ýörelge, kämil nusga bolup, okuw-terbiýeçilik işlerini guramakda uly ähmiýete eýedir.

         Hormatly Prezidentimiziň halypa-şägirt taglymatyndan ugur alyp, institutda ýaş mugallymlary halypa mugallymlara berkitmek, olara okuw-usuly hem ylmy taýdan goldaw bermek işi netijeli ýola goýuldy. Bu babatda Ilhalar ynsan, Halypa mugallym Berdimuhamet Annaýewiň nusgalyk ömür we zähmet ýoly professor- mugallymlarymyz üçin kämillik mekdebidir.

         Institutyň 5 sany okuw binasy bar. Olar Takyk bilimleri we Tebigy bilimleri fakultetleriniň, Taryh we Pedagogika fakultetleriniň, Türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň, Rus, gündogar dilleri we edebiýaty hem-de Roman-german dilleri we edebiýaty fakultetleriniň, Hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetiniň okuw binalary.

      Institut ylmy-barlag işleriniň netijeleri, okatmagyň mazmunyny we usulyýetini kämilleşdirmegiň meselesi boýunça her okuw ýylynda onlarça ylmy-amaly maslahatlary geçirýär. Olara ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdeplerinden, çagalar baglaryndan we dolandyryş edaralaryndan mugallymlar, terbiýeçiler, usulyýetçiler, hünärmenler gatnaşyp öz iş tejribelerini baýlaşdyrýarlar. Öz gezeginde institutymyzyň professor-mugallymlary hem ýurt möçberinde we halkara derejesinde geçirilýän ylmy-amaly maslahatlara işjeň gatnaşyp, alan ylmy netijeleri boýunça  çykyş edýärler.