Türkmen dili we edebiýaty fakulteti
Türkmen dili we edebiýaty fakultetinde “Türkmen dili we edebiýaty” hünäri boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Fakultetde Owganystan Yslam Respublikasyndan gelip bilim alýan talyplar hem bar. Fakultetiň uçurymlary umumy bilim berýän orta mekdeplerde, başlangyç hünär, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde, Türkmenistanyň Milli bilim institutlarynda hünär ugry boýunça mugallym, ylmy işgär, usulyýetçi, ylym-bilim, terbiýeçilik edaralarynda guramaçylyk-dolandyryş wezipelerinde zähmet çekýärler. Fakultetiň professor-mugallymlary, talyplary we uçurymlary ýurdumyzyň metbugat, gazet-žurnal sahypalarynda, ylmy, ylmy-amaly, okuw-usuly maslahatlaryň ýygyndylarynda dil bilimi, türkmen dili we edebiýaty okatmagyň usulyýetini ylmy esasda kämilleşdirmekde öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Fakultetiň mugallymlaryň arasynda ylymlaryň doktory, ylymlaryň kandidaty ylmy derejeli mugallymlar zähmet çekýär.
Fakultetde aşakdaky kafedralar hereket edýär: