Bedenterbiýe we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymlary we talyplary welaýat, döwlet we halkara derejesinde geçirilýän sport bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edýärler. Institutda hem bedenterbiýe we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasy talyplar sport kluby bilen bilelikde fakultetleriň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýylyň dowamynda sport ýaryşlaryny guraýar. Sportuň woleýbol, futbol, basketbol, gandbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, göreşiň dürli görnüşleri, küşt, şaşka ýaly görnüşleri boýunça institutyň ýygyndy toparlary hereket edýär we olarda türgenleşik işleri alnyp barylýar.
Kafedrada “Bedenterbiýäniň, sportuň nazaryýeti we usulyýeti”, “Woleýbol we ony okatmagyň usulyýeti”, “Gimnastika we ony okatmagyň usulyýeti”, “Ýeňil atletika we ony okatmagyň usulyýeti”, “Futbol we ony okatmagyň usulyýeti”, “Basketbol we ony okatmagyň usulyýeti”, “Sportuň saýlanan görnüşleriniň nazaryýeti we usulyýeti”, “Ýüzmek we ony okatmagyň usulyýeti”, “Umumy we sport fiziologiýasy”, “Halkara sport hereketleri”, “Fiziki maşklaryň gigiýenasy” ýaly dersler okadylýar. Mundan başga-da, institutyň ähli hünärlerinde bedenterbiýe sapaklary geçilýär.