Türkmen dili we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynda talyp ýaşlara merdana halkymyzyň köp asyrlyk, baý we şahyrana dünýäsini özünde jemleýän türkmen diliniň aýratynlygyny, ene dilimiziň milli özboluşlylygyny öwretmek maksady bilen “Sözleýiş we ýazuw diliniň amalyýeti”, “Dil bilimine giriş”, “Köne türkmen ýazuwy”, “Häzirki zaman türkmen dili (fonetika)”, “Türkologiýa giriş”, “Türkmen dilini okatmagyň usulyýeti”, “Türkmen dialektologiýasy”, “Ylmy barlaglaryň esaslary”, “Umumy dil bilimi” ýaly okuw dersleri okadylýar.
Kafedrada mekdep okuwçylaryň sözleýiş we ýazuw endiklerini kämilleşdirmek işlerini ýola goýmak boýunça mugallymlar tarapyndan okuw gollanmalary taýýarlanylýar.
Talyp ýaşlar döwlet derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde, üstünlikli çykyş edýärler.