jero-photo
department-photo

Türkmen edebiýaty we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasy

        Türkmen edebiýaty we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynda “Türkmen dili we edebiýaty” hünärinde okaýan talyplara türkmen edebiýatyna hem-de ony okatmagyň usulyýetine degişli ylmy-usuly maglumatlary öwretmekde uly işler alnyp barylýar. Kafedrada “Türkmen halk döredijiliji”, “Gadymy türkmen edebiýaty”, “Orta asyrlar edebiýaty”, “Türkmen çagalar edebiýaty”, “Edebiýat ylmyna giriş”, “Daşary ýurt edebiýaty”, “ XVIII asyr türkmen edebiýaty”, “XIX asyr türkmen edebiýaty”, “XX asyr türkmen edebiýaty”, “Garaşsyzlyk eýýamynyň edebiýaty”, “Edebiýat teoriýasy” ýaly okuw sapaklary we ýörite dersler okadylýar. Mundan başga-da, talyplaryň döredijilik  ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen gurnaklar hereket edýär hem-de döredijilik bäsleşikleri geçirilýär.

              Kafedranyň mugallymlarydyr talyplary metbugat sahypalarynda we telegepleşiklerde yzygiderli çykyş edýärler.