jero-photo
department-photo

Rus dili we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasy

     Rus dili we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynda okuw-usuly we ylmy işler üstünlikli alnyp barylýar. Rus dili we edebiýaty mugallymlaryny taýýarlamagy kämilleşdirmek meselesi kafedranyň esasy wezipeleriniň biridir. Bu wezipäni üstünlikli amala aşyrmak üçin “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan” ugur alnyp, okuw-usuly işler netijeli dowam etdirilýär.

   Kafedranyň mugallymlary “Dil gatnaşyklary, özara edebi täsirlenmeler we terjimäniň teoriýasynyň meseleleri (türkmen we rus dilleriniň mysalynda)” atly Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň meýilnamasyna goşulan ylmy temanyň üstünde işleýärler.  Şeýle-de kafedranyň agzalary orta we ýokary okuw mekdepleri üçin rus dili we edebiýaty boýunça okuw kitaplaryny taýýarlamak işine hem işjeň gatnaşýarlar.

     Kafedrada lingwistika, edebiýat ylmyna we usulyýete degişli dersler toplumlary boýunça umumy, amaly, söhbet we tejribe okuwlaryny ylymlaryň kandidatlary, tejribeli mugallymlar okadýarlar.

  Kafedranyň mugallymlary we talyplary ýurdumyzda geçirilýan we Halkara ylmy maslahatlarda, taslama we döwlet ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edýärler.

    Kafedrada elektron okuw kitaplarynyň, okuw gollanmalarynyň we umumy okuwlaryň wideo ýazgylarynyň gory döredildi.