jero-photo
department-photo

Gündogar dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasy

     Gündogar dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynda talyplara hytaý diliniň ýazuw ugurlaryny, iýeroglifleriň ýazylyş usullaryny, hytaý we pars ýazuwynyň görnüşlerini, sözlemleriň gurluşyny we many taýdan toparlara bölünişini, sesleriň we heňleriň dogry we dürs aýdylyşyny öwretmekde hem-de hytaý we pars dillerindäki internet maglumatlaryny okuw-terbiýeçilik işlerinde ulanyp bilmekde, ylmy barlaglary alyp barmakda netijeli işler dowam etdirilýär.

      Kafedrada “Dil bilimine giriş”, “Edebiýat ylmyna giriş”, “Hytaý diliniň amaly kursy”, “Hytaý diliniň leksikologiýasy”, “Hytaý diliniň teoretiki grammatikasy”, “Hytaý edebiýaty”, “Hytaý diliniň taryhy”, “Öwrenilýän diliň ýurduny öwreniş”, “Hytaý diliniň teoretiki fonetikasy”, “Hytaý dilini okatmagyň usulyýeti”, “Hytaý diliniň stilistikasy”, “Hytaý we türkmen dilleriniň deňeşdirme derňewi”, “Terjimäniň teoriýasy we praktikasy” ýaly dersler okadylýar.

      Ýurdumyzda amala aşyrylýan köpugurly halkara hyzmatdaşlygyň ösüş depginini nazara almak bilen, türkmen ýaşlaryna ene dili bilen bilelikde daşary ýurt dillerini utgaşdyryp öwretmeklik üns merkezinde saklanýar. Institutda hytaý dili we pars dili hünärleriniň talyplaryna goşmaça türkmen dili we edebiýaty mugallymy käri hem berilýär. Öz ugrundan ökde hünärmen, ussat mugallym bolup ýetişmekleri üçin, talyplara amaly we tejribe sapaklaryny döwrebap derejede geçmäge ähli mümkinçilikler bar.