jero-photo
department-photo

Fizika we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasy

      Fizika we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynda “Fizika we informatika” hünäriniň talyplaryna hünär ugruna laýyklykda “Elementar fizika”, “Umumy fizika (mehanika, molekulýar fizika we termodinamika, elektrik we magnit hadysalary, optika, kwant fizikasy)”, “Statistiki fizika we termodinamika”, “Atom ýadrosynyň we elementar bölejikleriň fizikasy”, “Fizikadan mesele çözmek”, “Fizikany okatmagyň usulyýeti”, “Fizikanyň taryhy”, “Astronomiýa”, “Ylmy barlaglaryň esaslary” ýaly dersler boýunça nazary we amaly bilimler berilýär.

         Kafedra her ýylda “Fizika” dersinden halkara internet olimpiadasyny gurnaýar. Kafedranyň mugallymlary fizikany öwretmegiň innowasion tehnologiýalary, ylmyň we tehnologiýanyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy-derňew işlerini alyp barýarlar hem-de bu işlere degişli patentleri alýarlar. Kafedrada ýaş fizikleriň “Robototeh-nika” gurnagy hereket edýär.