jero-photo
department-photo

Roman-german dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasy

      Roman-german dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynda okuw-usuly, ylmy-terbiýeçilik işleri meýilnama esasynda alnyp barylýar. Okuw meýilnamalaryna laýyklykda, kafedrada “Iňlis diliniň amaly kursy”, “Iňlis diliniň taryhy”, “Iňlis diliniň amaly fonetikasy”, “Iňlis diliniň teoretiki fonetikasy”, “Edebiýat ylmyna giriş”, “Iňlis diliniň teoretiki grammatikasy”, “Iňlis diliniň leksikologiýasy”, “Iňlis diliniň amaly grammatikasy”, “Iňlis dilini okatmagyň “Iňlis we türkmen dilleriniň deňeşdirme tipologiýasy”, “Umumy dil bilimi”, “Edebiýat ylmyna giriş”, “Nemes diliniň grammatikasy”, “Nemes edebiýaty”, “Nemes dilini okatmagyň usulyýeti” ýaly okuw dersleri döwrebap usulda okadylýar.

         Amaly sapaklar lingafon otaglarda geçirilýär. Talyplar iňlis we nemes sözlerini diňläp, sesleriň äheňlerini, sözleriň dogry aýdylyşyny, sözlemleriň düzüliş aýratynlyklaryny öwrenýärler hem-de iňlis we nemes dillerinde pikirini dogry beýan edip bilmek endiklerini ösdürýärler. Talyplaryň öz hünärine ussat mugallymlar bolup ýetişmekleri üçin daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdeplerde hünär tejribeligini geçip, mugallymçylygyň inçe tärlerini ele alýarlar.