jero-photo
department-photo

Matematika we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasy

Matematika we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynda “Matematiki analiz”, “Algebra we sanlar teoriýasy”, “Geometriya”, “Analitik geometriýa we çyzykly algebra”, “Sanlar ulgamy”, “Matematikanyň taryhy”, “Matematikany okatmagyň usulyýeti”, “Matematiki fizikanyň usullary”, “Himiýada matematiki usullar” ýaly dersler okadylýar.

     Kafedranyň mugallymlarynyň halypaçylyk etmeginde “Matematika” hünäriniň talyplary döwlet we halkara derjesinde geçirilýän olimpiadalarda, taslama bäsleşiklerinde altyn, kümüş, bürünç medallara mynasyp bolýarlar. Kafedra tarapyndan okuwçylaryň matematikadan internet olimpiadalary, talyplaryň tejribelik geçýän mekdeplerinde matematiki agşamlar yzygiderli gurnalýar. Kafedranyň professor-mugallymlary tarapyndan ýazylan okuw kitaplar we gollanmalar, ylmy we usuly makalalar yzygiderli taýýarlanylýar hem-de çap edilýär.