jero-photo
department-photo

Himiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasy

      Himiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynda talyplara himiýanyň esasy düşünjelerini we kanunlaryny, himiki hadysalaryň  geçişiniň  kanunalaýyklyklaryny, eksperimentler  geçirilende  tehniki  howpsuzlyk  çärelerini  berjaý  etmegi, döwrebap tehnologiýalaryndan peýdalanmak bilen okuw-terbiýeçilik işlerini guramak, ylmy-barlaglary alyp barmak başarnyklaryny ösdürmekde yzygiderli işler alnyp barylýar.

      Kafedrada “Umumy we organiki däl himiýa”, “Organiki himiýa”, “Analitiki himiýa”, “Fiziki himiýa”, “Kolloid himiýa”, “Organiki däl sintez”, “Organiki sintez”, “Biohimiýa”, “Himiki tehnologiýa”, “Himiýany okatmagyň usulyýeti”, “Maddalaryň gurluşy”, “Himiýadan meseleleri çözmegiň usullary” ýaly dersler okadylýar. Tejribe sapaklary ýörite enjamlaşdyrylan tejribe otaglarynda geçirilýär. Bu bolsa olaryň alan nazary bilimlerini berkitmäge, täze  ylmy açyşlary alyp barmaga uly itergi berýär.