jero-photo
department-photo

Türkmenistanyň taryhy we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasy

      Türkmenistanyň taryhy we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynda “Taryh” hünärinde okaýan talyplara Türkmenistanyň taryhy we ony okatmagyň usulyýetine degişli ylmy maglumatlary öwretmekde döwrebap işler alnyp barylýar.

     Kafedrada “Türkmenistanyň iň gadymy taryhy”, “Türkmenistanyň gadymy taryhy”, “Türkmenistanyň orta asyrlar taryhy”, “Türkmenistanyň täze taryhy”, “Türkmenistanyň Garaşsyzlyk eýýamynyň taryhy” ýaly dersler okadylýar.

    Taryh hünäriniň talyplary döwlet we halkara derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edýärler. Kafedra tarapyndan mekdep okuwçylarynyň arasynda taryh dersi boýunça bäsleşikler geçirilýär. Professor-mugallymlar kafedrada talyplaryň nazaryýetde alan bilimlerini berkitmek maksady bilen, taryhy we ülkäni öwreniş muzeýlere, taryhy medeni ýädigärliklere yzygiderli gezelençler we tejribe sapaklary gurnalýar.