jero-photo
department-photo

Dünýä taryhy we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasy

        Dünýä taryhy we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynda “Taryh” hünärinde okaýan talyplara taryh we ony okatmagyň usulyýetine degişli ylmy-usuly maglumatlary öwretmekde netijeli işler alnyp barylýar.

        Kafedrada talyplaryň türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan medeni gymmatlyklaryny öwretmek maksady bilen,  “Gadymy dünýä taryhy”, “Orta asyrlar taryhy”, “Aziýa we Afrika ýurtlarynyň taryhy”, “Ýewropa we Amerika ýurtlarynyň taryhy”, “Umumy etnologiýa”, “Umumy arheologiýa”, “Kömekçi taryh dersleri”, “Dünýä medeniýeti” ýaly dersler okadylýar.

         Talyplaryň nazaryýetde alan bilimlerini berkitmek maksady bilen, ülkäni  öwreniş, muzeý-arheologik tejribelikleri geçilýär.