Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň milli buýsanjy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýunyň şanyna geçirilýän dabaraly çäreler, ylmy-amaly maslahatlar, döredijilik duşuşyklary biri-biriniň üstüni ýetirýär. Ýakynda ýurdumyzyň “Ylym” neşirýaty tarapyndan akyldar şahyryň 300 ýyllyk ýubileý toýunyň şanyna bagyşlanan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň professor-mugallymlarynyň, kalby ylhamly bagtyýar talyp ýaşlarynyň şygyrlary ýerleşdirilen goşgular ýygyndysy çapdan çykdy. Täze neşir edilen goşgular ýygyndysynda akyldar şahyryň berkarar döwlet hakdaky arzuwlaryny amala aşyryp türkmen halkyny bagtyýarlykda ýaşadýan Gahryman Arkdagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bitirýän beýik işlerine bolan buýsanç duýgulary öz beýanyny tapýar.Täze kitabyň sahypalarynda professor-mugallymlaryň, dörediji talyp ýaşlaryň Magtymguly Pyragynyň manyly ömür ýoluna, kämil döredijilik dünýäsine bagyşlanan goşgulary ýerleşdirildi.