2025-nji ýylyň 10-15-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda Ýewropa Bilim Gaznasynyň “Merkezi Aziýada ukyply ýaşlar üçin dialog we hereket (DARYA)” atly sebitleýin taslamasynyň 2025-nji ýyl üçin meýilnamasynyň çäginde amala aşyryljak işleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de inklýuziw okatmagyň we öwretmegiň SCAFFOLD usulyýeti boýunça maslahat geçirildi. Şol maslahata Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Mekdebe çenli terbiýäniň nazaryýeti we usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy Jennet Abdullaýewa we şol kafedranyň mugallym-öwrenijileri Umyda Jumakulyýewa, Bahtiýar Kurbanow dagylar işjeň gatnaşdylar.
Usulyýete täzeçe çemeleşme bolan bu usul dürli ýaşdaky okuwçylaryň esasy kompetensiýalarynyň ösüşine gönükdirilen we “Integrirlenen okuwyň netijeleri” çemeleşmesini ulanýan, okuw sapaklaryny taýýaralamak üçin Scaffold kartoçkalaryny ulanyp başlajak mugallymlar hem-de tejribeçiler üçin taýýarlanylyp, döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmäge, okuwçylaryň özbaşdaklygyny ýokarlandyrmaga, okuw görkeziji netijelerini seljermäge we ölçemäge niýetlenendir.