“Mekdebe çenli terbiýäni guramak we dolandyrmak” atly okuw gollanmasy neşir edildi
2025-12-02
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň “Pedagogika” kafedrasynyň uly mugallymy N.Myradowanyň, “Psihologiýa” kafedrasynyň uly mugallymy S.Muradowanyň awtordaşlygynda “Mekdebe çenli terbiýäni guramak we dolandyrmak” atly okuw gollanmasy neşir edildi. Okuw gollanmada milli bilim ulgamynyň ilkinji basgançagy bolan mekdebe çenli çagalar edaralarynda ýerine ýetirilýän okuw-terbiýeçilik işleri, çagalar bagynyň müdiriniň, usulyýetçisiniň we terbiýeçileriniň alyp barýan işiniň ugurlary hem-de resminamalaryň ýöredilişi, pedagogik geňeşiniň işiniň guralyşy, usuly otaglarda bilim işgärleri bilen geçirilýän usuly işleri barada degişli maglumatlar ýerleşdirilen.
Bu okuw gollanma mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärlerine we bu ugurdan bilim alýanlar üçin niýetlenilen.