2025-12-14
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli “Halkara parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakda türkmen Bitaraplygynyň orny” atly okuw-usuly maslahaty geçirildi. Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur mana ýugrulan ajaýyp eserlerinde parahatçylyk düşünjesi bilen bagly gymmatly pikirleri, hemişelik Bitaraplygynyň taryhyny, halkara ähmiýetini ýaş nesle düşündirmek we bu düşünjeleriň bilim bermekdäki orny dogrusynda çykyşlar edildi. Okatmagyň we ylmyň dürli ugurlary bilen bagly temalary özünde jemleýän okuw-usuly maslahatda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň halypa professor-mugallymlary hem-de ýaş alymlary özleriniň taýýarlan okuw-usuly makalalary bilen işjeň gatnaşdylar. Maslahatyň bölümçelerinde bolsa, ýaş nesle bilim bermegiň döwrebap usullaryny işläp düzmek, häzirki zaman pedagogikasynda, psihologiýada hem-de dürli dersleri okatmagyň usulyýetinde bilim tehnologiýalaryny okuw işine ornaşdyrmak bilen bagly çykyşlar, özara gyzykly söhbetdeşlikler edildi. Okuw-usuly maslahatyň ylmy makalalar ýygyndysyny çap etmek meýilleşdirilýär.