Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Hormat hatynyň eýesi
2025-12-14
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň gazanan ösüşlerini, beýik özgertmelerini, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýaşlar barada alnyp barylýan döwlet syýasatyny wagyz etmekde goşan şahsy goşandyny nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň pedagogika fakultetiniň “Başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy” hünäriniň II ýyl talyby Nurmyrat Aşyrow Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň Hormat hatyna mynasyp boldy.