2024-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň XVI jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Täze kitabyň ýurdumyzda uly ruhubelentlik bilen bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda çapdan çykmagy köňülleri buýsanja besledi. Alym hem Lukman Arkadagymyzyň köp ýyllyk zähmeti, döredijilik we ylmy zehini siňen bu düýpli ylmy işiň tanyşdyrylyş dabarasyna institutyň professor-mugallymlary, bagtyýar talyp ýaşlar uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş dabarasynda Gahryman Arkadagymyzyň türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleri ylmy esasda öwrenip, olaryň dermanlyk häsiýetini açyp görkezmekdäki bimöçber tagallasy, yhlasy hakynda durlup geçildi. Çykyşlarda ensiklopedik häsiýete eýe bolan bu düýpli ylmy işiň lukmaçylyk ylmyny rowaçlandyrmakdaky hyzmaty, köp asyrlyk halk tebipçiligini ösdürmekdäki goşandy aýratyn bellendi. Ylmy mazmuna ýugrulan kitaby okan her bir okyjy türkmen tebigatynyň köp öwüşgünli ösümlik dünýäsi we baý dermanlyk häsiýetleri bilen tanyşmaga mümkinçilik alýar. Alym Arkadagymyzyň bu ajaýyp kitaby professor-mugallymlarymyza, talyp ýaşlarymyza okuw sapaklaryny guramakda, ylmy işleri alyp barmakda gymmatly gollanma bolar.