jero-photo
news-photo

V Açyk halkara fizika internet olimpiadasy geçirildi

2025-12-14

     2025-nji ýylyň 4-nji dekabrynda  Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň guramagynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda V Açyk halkara fizika internet olimpiadasy geçirildi.

     Olimpiada Türkmenistadan, Russiýa Federasiýasyndan, ABŞ-dan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Italiýa Respublikasyndan, Rumyniýadan, Türkiýe Respublikasyndan, Belarus Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan, Päkistan Yslam Respublikasyndan, Hindistan Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Azerbeýjan Respublikasyndan jemi 14 döwletden 50 den gowrak uniwersitetlerden 400 den gowrak talyp ýaşlar gatnaşdy.

     Olimpiada  ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmekde we özara bähbitli ylmy maglumatlary         alyş-çalyş etmekde uly ähmiýete eýe bolup, ol ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň bilelikde ylmy pikir alyşmaklaryny guramaklyga, häzirki döwürde  amalyýetde ýüze çykýan fiziki meseleleri, tejribeleri derňemeklige giň mümkinçilik döretdi.