2025-12-14
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda 2025-nji ýylyň 15-nji dekabrynda “Türkmen dili türki dilli medeniýetleriň ulgamynda” atly onlaýn ylmy-usuly maslahaty geçirilýär. Maslahatda şöhratly taryhymyza siňen türkmen diliniň gadymy köklerini, türkmen diliniň türki dilli medeniýetleriň ulgamyndaky mynasyp ornuny we XXI asyrda türkmen dilini okatmagyň usullaryny döwrebaplaşdyrmak barada ylmy-usuly çykyşlar diňleniler. Maslahat umumy mejlisden 4 sany bölümçeden ybarat bolup, oňa gatnaşmaga isleg bildirýänler onlaýn we oflaýn görnüşde gatnaşyp bilerler.