2025-12-14
Maslahata ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlary hem-de talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. Maslahatyň işi umumy mejlisde we 6 sany bölümçelerde onlaýn alnyp baryldy. Maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe jemgyýeti öwreniş we taryh ylymlarynda ýetilen sepgitler, ýaş nesle bilim we terbiýe bermegiň ylmy gözleglerinde gazanylan netijeler, türkmen dilini we edebiýatyny öwrenmegiň möhüm meselelerinde ylmy garaýyşlar, daşary ýurt dillerini okatmakda täzeçe çemeleşmeler, takyk ylymlaryň we innowasion tehnologiýalaryň häzirkizaman ösüş ugurlary, tebigy ylymlar we olary ösdürmegiň häzirkizaman usullary hem tehnologiýalary şeýle-de ylmyň aýry-aýry ugurlary boýunça ylmy çykyşlar diňlenildi.
Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bilimli, ylymly, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan ukyply, ruhubelent ýaşlary ýetişdirmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.
Baýramçylyk dabaralarynyň çäginde “Bilim, ylym we döredijilikli gözlegler” atly hünär sergi bäsleşigi geçirildi. Bäsleşikde orun alan ýaş alymlar diplom we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.