HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ ŞA SERPAÝYNA MYNASYP BOLDY
2025-12-29
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda 2025-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Başabaş söweş sungaty sport toplumynyň binasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” halkara derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerinde ýokary netijeleri görkezen, ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki abraýyny artdyrmakda mynasyp goşandyny goşan ýurdumyzyň ýaşlaryny sylaglamak dabarasy geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň mübärek Karary bilen, geçirilen sylaglamak dabarasynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň “Matematika we informatika” hünäriniň 4-nji ýyl talyby Hanow Gurtgeldi hem Şa serpaýyna mynasyp boldy. Bu mynasyp serpaý ýaşlarymyzyň mundan beýläk-de kämil bilimli, ylymly bolup, ýurdumyzy ösdürmegiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmäge, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işlere mynasyp goşantlaryny goşmaga ruhlandyrdy.