“Edebiýat – dost-doganlyk köprüsi” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi
2025-12-29
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmek we milli ruhly, döwrebap eserleri döretmäge höweslendirmek maksady bilen, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy, şeýle-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Zaman-Türkmenistan” gazetiniň redaksiýasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilelikde ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan talyp ýaşlaryň arasynda “Edebiýat – dost-doganlyk köprüsi” atly yglan eden döredijilik bäsleşiginde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Takyk bilimleri fakultetiniň “Zähmet we tehnologiýalaryň esaslary” hünäriniň I ýyl talyby Haknazar Annamyradow III orna mynasyp boldy.