“Türkmençe-parsça gepleşik sözlügi” atly okuw gollanmasy neşir edildi
2025-12-29
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy Arzuw Setdarowanyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň baş hünärmeni Omargeldi Myradowyň awtordaşlygynda “Türkmençe-parsça gepleşik sözlügi” atly okuw gollanmasy neşir edildi.
Gepleşik sözlüginde pars dilinde erkin we dürs geplemegi öwrenmek boýunça okuw derslerine, özbaşdak ýerine ýetirilýän ýumuşlara degişli pars diliniň grammatikasy boýunça maglumatlaryň, leksika-semantik bölümleriň hem-de adalgalaryň bolmagy gollanmanyň gymmatyny has-da artdyrýar.
Bu sözlügi pars dilini öwrenýän talyplar, mekdep okuwçylary, pars dili bilen gyzyklanýan okyjylar peýdalanyp bilerler.