Rus dilinde okadylýan mekdepleriň XII synp okuwçylary üçin “Обществоведение” okuw kitaby neşir edildi
2025-12-29
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň uly mugallymlary, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Peýşembaý Aýdogdyýewiň, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Hurmagül Jumabaýewanyň, şol kafedranyň dosenti, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Goçmyrat Hanowyň, Demokratiýa we hukuk institutynyň direktory, filosofiýa ylymlarynyň doktory Ýagmyr Nuryýewiň bilelikde taýýarlan ýurdumyzyňrus dilinde okadylýan mekdepleriniň XII synp okuwçylary üçin “Обществоведение” okuw kitaby neşir edildi. Bu okuw kitaby Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan okuw maksatnamasyna laýyklykda taýýarlandy. Okuw kitabynda nazary maglumatlar bilen bir hatarda her tema degişli berkidiji soraglar we ýumuşlar getirilýär. Bu bolsa, kitabyň ähmiýetini artdyrýar. Okuw kitabyndan orta mekdepleriň okuwçylary we mekdep mugallymlary hem-de jemgyýeti öwreniş dersleri bilen içgin gyzyklanýan okyjylar peýdalanyp bilerler.