jero-photo
news-photo

ÝUNISEF-iň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

2026-03-04

     2026-njy ýylyň 4-nji martynda Seýitnazar Seýdi adyndaky  Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň professor-mugallymlarynyň, hünärmenleriniň gatnaşmagynda ÝUNISEF-iň sebit merkeziniň (ECARO) hünärmeni Nora Şabani, bilim boýunça hünärmeni Filamona Pereýra hem-de ÝUNISEF-iň bilim işleri boýunça Türkmenistandaky merkeziniň hünärmenleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ýurdumyzda inklýuziw bilimi ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek hem-de bu ugry köpçülikleýin usulyýet işine ornaşdyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.   Myhmanlar inklýuziw bilim boýunça dünýä ýurtlarynyň tejribesi, ýurdumyzda gazanylan üstünlikler barada belläp geçdiler. Duşuşygyň dowamynda pikirler alyşyldy we öňde durýan  esasy wezipeler kesgitlenildi.