jero-photo
news-photo

Okuwçylaryň takyk we tebigy ugurly dersler boýunça V internet olimpiadasy geçirilýär

2026-03-07

       Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty Garaşsyz Watanymyza, mähriban halkymyza, Türkmenistanyň hormatly Prezidentine wepaly, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýiti zehinli, ukyp-başarnykly ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 10-njy, 11-nji we 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda matematika, fizika, informatika, himiýa, biologiýa, geografiýa we ekologiýa dersleri boýunça nobatdaky internet olimpiadalaryny geçirýär. Olimpiada iki tapgyrda geçirilip, saýlama tapgyr degişli welaýat Baş bilim müdirlikleriniň garamagynda gurnalýar. Ýurdumyzyň her etrabyndan synplar boýunça saýlanan 3 (üç) okuwçy degişli ders boýunça jemleýji tapgyra gatnaşmaklyga hukuk gazanar. Jemleýji tapgyrlar 2026-njy ýylyň 14-15-nji aprelinde geçiriler. Olimpiadanyň düzgünnamasyna görä, agzalan dersler boýunça etrap tapgyrlarynda ýeňiji bolan, häzirki wagtda ýörite orta ýa-da ýokary okuw mekdepleriniň talyby bolmadyk 2023-2025-nji ýylyň uçurymlaryny hem 12-nji synp okuwçylar bilen birlikde olimpiadalara gatnaşyp bilerler. Has giňişleýin maglumat üçin şu salga basyň.

       Okuwçylaryň takyk we tebigy ugurly dersler boýunça 2025-nji ýylda geçirilen internet olimpiadalarynyň ýumuşlarynyň çözülişleri bilen tanyşmak üçin şu salga basyň. 

https://drive.google.com/drive/folders/12XoGAfVsNDTbTidjjW0qMjEcboPvUVtx?usp=sharing