2026-03-11
2026-njy ýylyň 5-nji martynda Günorta-gündogar Ýewropa ýurtlarynyň Matematika guramasy tarapyndan gurnalan ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 20-nji Halkara Matematika olimpiadasy geçirildi. Bu olimpiada “Matematika” hünärlerinde okaýan 1-3-nji ýyl talyplarynyň arasynda geçirilip, oňa Ýewropanyň we Aziýanyň 10-dan gowrak ýurdundan 200-e golaý talyp gatnaşdy. Bu olimpiada Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň “Matematika we informatika” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Janmyradow Myrat gatnaşyp, kümüş medala mynasyp boldy. Halkara derejesinde gazanylýan bu ajaýyp üstünlikler türkmen talyplarynyň zehininiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.