jero-photo
news-photo

B I L D I R I Ş

2026-03-27

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty 2026-njy ýylyň 28-nji martynda sagat 15:00-da mugallymçylyk ugurly ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor – mugallymlarynyň, şeýle hem Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň hem-de Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň dil düzediş toparlarynyň mugallymlarynyň, logopedleriniň, doktorlaryň, degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda “Ösüşinde aýratynlygy bolan çagalara bilim bermekde defektolog-pedagoglaryň orny” atly gibrid görnüşinde ylmy-amaly maslahaty geçirmekligi meýilleşdirýär.

Ylmy-usuly maslahatyň Guramaçylyk toparynyň

elektron salgysy: turkmendilikafedrasy@gmail.com