jero-photo
news-photo

Okuw-usuly maslahaty geçirildi

2026-04-07

        Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda 2026-njy ýylyň 3-nji aprelinde “Hormatly Prezidentimiziň bilim syýasaty: okuw-terbiýeçilik binýadyny berkitmäge täzeçe çemeleşmeler” atly okuw-usuly maslahaty geçirildi. Maslahatda iňlis dilini okatmagy kämilleşdirmegiň döwrebap nazary we amaly meseleleri, sanly bilim tehnologiýalary arkaly iňlis dilini okatmagy kämilleşdirmegiň häzirki zaman çemeleşmeleri bilen bagly çykyşlar edilip, oňa ýurdumyzyň mugallymçylyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň we mugallymçylyk orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary işjeň gatnaşdylar. Okuw-usuly maslahata gatnaşyjylar iňlis dilini okatmakda dünýä tejribesiniň döwrebap gazananlaryny öwretmekde we olary milli tejribe bilen utgaşykly kämilleşdirmekde ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň, şeýle hem maslahatda gozgalan meseleleriň mugallymlaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyny aýratyn bellediler.