jero-photo
news-photo

Institutyň ýaş ekology – halkara sammitinde

2026-04-24

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň  “Iňlis dili we edebiýaty” hünäriniň  V ýyl talyby Salamatow Begenç Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň  Çagalar  Gaznasy (UNICEF) tarapyndan  2026-njy 21-26-njy apreli aralygynda geçirilýän “Sebitleýin ekologiýa sammitine (RES-2026)” gatnaşýar. Bu sammite halkara we ylmy jemgyýetçilik guramalarynyň  1500-e golaý wekilli işjeň gatnaşyp, Sammitiň meýilmanmasynyň çäklerinde 24-nji aprelde “Geljekki ekoulgam: çagalar we ýaşlar durnukly ösüşiň arhitektorlary hökmünde” atly ýörite ýaşlar amaly-usuly maslahaty hem geçirilýär.

Sammit Merkezi Aziýadan 100-den gowrak ýaş ekologlaryny bir ýere jemläp, onda ýaşlar suw serişdelerini netijeli ulanmak, energiýa, “ýaşyl” tehnologiýalar we biodürlüligi gorap saklamak we durnukly ykdysadyýete geçmek  baradaky öz tekliplerini hödürleýärler.