Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi ÝUNESKO” kafedrasynyň guramagynda 2026-njy ýylyň 25-nji aprelinde “Etnolingwistik barlaglarda häzirki zaman seljermeler” atly onlaýn ylmy-usuly maslahat geçirildi.
Maslahat ýokary okuw jaýlarynyň ençemesiniň gatnaşmagynda onlaýn görnüşinde geçirildi. Ylmy-usuly maslahatda türkmen halkynyň taryhyny, medeniýetini, edebiýatyny, etnografiýasyny döwlet dili bolan türkmen dili bilen baglanyşykly öwrenmekde, türkmen dilini okatmagyň usullaryny döwrebaplaşdyrmakda, talyplaryň dil bilimi baradaky düşünjelerini ruhy we medeni gymmatlyklarymyz bilen baglanyşykly öwretmekde täzeçe çemeleşmeler maslahatlaşyldy.
Professor-mugallymlar tarapyndan edilen çykyşlar, maslahatlar, öňe sürülen teklipler oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şeýle maslahatlary geçirmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.