jero-photo
news-photo

“Açyk gapylar” güni geçirildi

2026-04-28

      Hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda durmuşa ornaşdyrýan döwrebap özgertmelerini, institutda hereket edýän hünärler, taýýarlyk ugurlary şeýle hem, alnyp barylýan okuw-usuly, ylmy-barlag, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri bilen, şonuň ýaly hem institutyň häzirki wagtdaky hem-de täze ulanylmaga beriljek binalar toplumynda okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin döredilen şertler barada giňişleýin düşündirmek maksady bilen, institutda 2026-njy ýylyň 25-nji aprelinde “Açyk gapylar” güni geçirildi. “Açyk gapylar” güninde umumybilim berýän edaralarynda bilim alýan, dürli edara-kärhanalarda we guramalarda zähmet çekýän, şeýle hem Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän ýaşlara mugallymçylyk hünäriniň aýratynlyklary, hünär ugurlary barada giňişleýin düşünje berildi.

      Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty barada maglumatlar bilen (www.tdmugi.edu.tm) web saýtynda tanyşyp bilersiňiz.