Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň guramagynda “Daşary ýurt dillerini okatmagyň dünýä we milli tejribesi: ylmy gözlegler we täze garaýyşlar” atly Halkara ylmy-amaly maslahatda öz ylmy temalary bilen iňlis we rus dillerinde üstünlikli çykyş eden Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň ýaş hem-de halypa mugallymlary degişli diplomlara we minnetdarlyk hatlaryny mynasyp boldular.