2026-05-11
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda 2026-njy ýylyň 6-njy maýynda okatmagyň ylmy we usuly esaslaryny kämilleşdirmek, pedagogik ugurly ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde hünär bilim hyzmatdaşlygyny berkitmek, geljekki zehinli mugallym hünärmenleri ýüze çykarmak maksady bilen, ýurdumyzyň mugallymçylyk ugurly orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda esasy hünar dersleri boýunça ders bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzyň mugallymçylyk ugurly orta hünär okuw mekdepleriniň her birinden 5 talyp, jemi 20 talyp gatnaşyp, hödülenilen ýumuşlary talyplar bäsleşigiň düzgünnamasynda kesgitlenilen wagtda ýerine ýetirdiler.
Mugallymçylygyň milli we oňyn halkara ýörelgelerine, okatmagyň döwrebap usullaryna, okatmakda we terbiýelemekde psihologik-pedagogik taýdan çemeleşmegiň milli tejribelerine esaslanyp geçirilen bu bäsleşik ýokary hünär taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde, ýaşlaryň milli pedagogika bilen halkara tejribäni utgaşykly öwrenmäge bolan höwesini artdyrmakda hem-de nazaryýetde alan bilimlerini tejribede ulanmaga ýardam bermekde uly ahmiýete eýe boldy.