2026-njy ýylyň 9-10-njy maýy aralygynda Täjigistan Respublikasynyň Hujand şäherinde sportuň uşu görnüşi boýunça “Merkezi Aziýanyň kubogy” ugrunda Merkezi Aziýa döwletleriň türgenleriniň gatnaşmagynda ýaryş geçirildi. Bu halkara ýaryşa Türkmenistanyň Uşu boýunça Milli ýygyndy topary hem işjeň gatnaşyp, Milli ýygyndynyň düzüminde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk insititutynyň “Bedenterbiýe” hünäriniň II ýyl talyby Şeraliýew Şahruh üstünlikli çykyş edip, II orna mynasyp boldy. Institutyň talybynyň bu gazanan üstünligi ýaşlarymyz üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň, uly aladalaryň mynasyp netijesi bolup dabaralandy.