2026-njy ýylyň 25-nji maýynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi” ÝUNESKO kafedrasynyň gurnamagynda “Durnukly ösüşiň gazanylmagynda ýaşlaryň ekologiýa biliminiň orny” atly 4-nji ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, ÝUNESKO kafedralarynyň müdirleri we ÝUNESKO klublarynyň başlyklary gatnaşdylar. Maslahat öz işini umumy mejlisde we 4 sany bölümçelerde alyp bardy. Maslahatyň dowamynda bilimi ekologiýalaşdyrmak, ekologik bilimi, ekologik medeniýeti kämilleşdirmek barada ylmy çykyşlar dinlenildi. Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmeklige, dünýä ýüzünde durnukly ösüşi gazanmaga, türkmen tebigatynyň ekologik abadançylygyny üpjün etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur minnetdarlygyny bildirdiler.