jero-photo
news-photo

“ÇAGA EZIZ, EDEBI ONDANAM EZIZ”

2026-06-02

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli „Çaga eziz, edebi ondanam eziz„ atly döredijilik bilen meşgullanýan professor-mugallymlaryň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda edebi söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň röwşen geljegi bolan çagalar hakdaky taýsyz aladalary, şeýle hem olara milli terbiýe bermekde halk döredijiliginiň, çagalar edebiýatynyň ähmiýeti dogrusynda gürrüňler edildi, goşgular okaldy.

Joşgunly geçen edebi söhbetdeşligiň jemleýji pursatynda çärä gatnaşyjylar türkmen halkyny röwşen geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur minnetdarlyklaryny bildirdiler.