jero-photo
news-photo

Halkara onlaýn ylmy maslahat geçirildi

2026-06-06

     Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda 5-nji iýunda Ylymlar gününe bagyşlanyp “Ylym we bilim  XXI asyrda” atly onlaýn halkara ylmy maslahaty geçirildi. Maslahata dünýäniň 15 döwletinden: ABŞ-dan, Russiýa Federasiýasyndan, Belarussiýadan, Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Türkiýeden, Hytaý Halk Respublikasyndan, Ýaponiýadan, Owganystan Yslam Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Hindistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Türkmenistandan jemi 50-den gowrak ýokary okuw jaýlaryndan, ylmy merkezlerden professor-mugallymlar, ylmy işgärler, hünärmenler gatnaşdylar. 150-den gowrak daşary ýurtly alymlardan, 200-e golaýy ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan ybarat bolan ylmy maslahatda türkmen, rus we iňlis dillerinde 350-ä golaý ylmy çykyşlar diňlenildi.

     Maslahatyň işi umumy mejlisde we 5 sany bölümçelerde ylmyň dürli ugurlary boýunça onlaýn görnüşinde alnyp baryldy. Ylmy maslahatda Taryh, jemgyýetçilik ylymlary we medeni miras, ýaş nesle bilim bermegiň döwrebap usullary, filologiýanyň häzirki zaman meseleleri, tebigy ylymlar hem-de ekologiýada durnukly ösüş, takyk ylymlary we sanly tehnologiýalar bilen baglanyşykly çykyşlar diňlenildi.

      Edilen çykyşlar, öňe sürülen teklipler şeýle-de paýlaşylan tejribeler maslahata gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Ylmy maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şeýle maslahatlary geçirmäge, halkara derejesinde bilim-ylym babatda dünýä alymlary bilen pikir, tejribe alyşmaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.