Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen halkara ylmy we medeni gatnaşyklar giň gerim alýar. Iýun aýynyň 9-11-i aralygynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň döredijilik we ylmy intelgensiýasynyň XIX forumy geçirilip, oňa Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Rus dili we edebiýaty olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy, Filologiýa ylymlarynyň kandidaty Agamämmet Ýazmyradow hem-de Türkmen edebiýaty we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy Şatlyk Hudaýnazarow dagylar gatnaşdylar.
Bu halkara forumyň ýylyň-ýylyna ýokary derejede geçirilmegi arkalaşyga girýän ýurtlarda ylym-bilim we medeni gatnaşyklaryň barha rowaçlanmagyna ýol açýar. Örän täsirli geçen forumda birnäçe bölümçeler hereket edip institutymyzyň mugallymlary gyrgyz halkynyň beýik ogly Çingiz Aýtmatowyň döredijiligine bagyşlanan bölüme gatnaşdylar we üstünlikli çykyş etdiler. Ylmy we medeni gatnaşyklaryň rowaçlanmagy halklaryň gymmatlyklara we mukaddesliklere bolan gatnaşygyny kämilleşdirip, olaryň dost-doganlygyny agzybirligini berkidýär. Gyrgyzystan respublikasynyň Bişgek şäherinde üstünlikli geçen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň döredijilik we ylmy intelgensiýasynyň XIX forumy geljekde haklaryň arasynda täzeden-täze ylmy, döredijilik ösüşlerine badalga berer.