“Ýylyň talyby” Döwlet bilim bäsleşiginde II orna mynasyp boldy
2026-06-20
2026-njy ýylyň 15-16-njy iýunynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Ýylyň talyby” döwlet bilim bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň “Matematika we informatika” hünäriniň 4-nji ýyl talyby Hanow Gurtgeldi gatnaşyp, baýrakly II orna mynasyp boldy. Talyp ýaşlarymyzyň gazanan bu ajaýyp üstünlikleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň ylmy-bilim kuwwatynyň has-da dabaralanýandygynyň subutnamasy bolup ýaňlanýar.