«Türkmen dili – türki dilli medeniýetleriň ulgamynda» atly ylmy makalalar ýygyndysy neşir edildi
2026-09-23
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Türkmen dili – türki dilli medeniýetleriň ulgamynda» atly ylmy makalalar ýygyndysy neşir edildi.
215 sahypadan ybarat bolan ýygyndy 4 bölümi öz içine alyp, türkmen diliniň taryhy kökleri, ösüş aýratynlyklary, türki diller ulgamyndaky orny, dil we medeniýet arabaglanyşygy, şeýle hem türkmen dilini öwretmegiň döwrebap usullary bilen baglanyşykly 60-dan gowrak ylmy makalany jemleýär.
Neşir türkmen dili we edebiýaty boýunça hünärmenler, mugallymlar, ýaş alymlar, talyplar we giň okyjylar köpçüligi üçin gymmatly ylmy çeşme bolup hyzmat eder.
Bu ýygyndy türkmen diliniň ylmy taýdan öwrenilmegine we türkmen dil biliminiň halkara ylmy giňişlikdäki ornunyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşantdyr.