jero-photo
news-photo

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi

2026-09-23

     Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp Garaşsyz Türkmenistan: ylym, bilim we innowasiýa arkaly ösüş atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata ýokary okuw mekdepleriniň, mugallymçylyk ugurly orta hünär okuw mekdepleriniň  professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar.

    Maslahatyň işi umumy mejlisde we 5 sany bölümçelerde alnyp baryldy. Maslahatda Garaşsyzlygyň milli demokratik esaslary, Garaşsyz Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryndaky orny, Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen türkmeniň milli aňyýeti we millilik, ylym-bilim ulgamlarynda ýetilen sepgitler, bilim we terbiýe bermegiň häzirkizaman usullary şeýle-de ylmyň aýry-aýry ugurlary boýunça ylmy çykyşlar diňlenildi.

  Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bilimli, ylymly, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan ukyply, ruhubelent ýaşlary ýetişdirmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.