jero-photo
news-photo

HALKARA SYLAGLAR GOWŞURYLDY

2026-09-23

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynda ýerleşdirilen döwrebap enjamlar Germaniýanyň «LD Didactic GmbH», Italiýanyň «OPTIKA S.r.l.» hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň «BIOBASE» kompaniýalarynyň degişli sertifikatlaryna eýe boldy. Şeýle hem ýokary okuw mekdebine BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF), Russiýa Federasiýasynyň Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň, Russiýa Federasiýasynyň «Вклад в будущее» howandarlyk fondunyň sertifikatlary we ÝUNESKO-nyň Halkara uniwersitetler assosiasiýasynyň agzalyk sertifikaty, ÝUNESKO-nyň Bilimde maglumat tehnologiýalary institutynyň minnetdarlyk hatlary gowşuryldy. Bu halkara sylaglaryň gowşurylmagy, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän beýik işleriň aýdyň subutnamasy bolup ýaňlanýar.