Merdan Atabaýewiň “Organiki sintez boýunça tejribe işleri” atly ýokary okuw mekdepleri üçin okuw gollanmasy neşir edildi.
Iki bölümden we on bäş bapdan ybarat bolan bu okuw gollanmasy “Organiki sintez” dersi boýunça okuw maksatnamasyna laýyklykda taýýarlanylyp, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin niýetlenipdir.
Okuw gollanmasynda tehniki howpsuzlyk düzgünlerinden başlap, tejribehanada ulanylýan gaplar we enjamlar, organiki sintez tejribehanasynda maddalary bölüp almagyň we arassalamagyň, organiki maddalary sintez etmegiň usullary boýunça umumy nazary düşünjeler, geçýän reaksiýalaryň mehanizmleri, işde ulanylýan reagentler, işiň geçiriliş şertleri barada maglumatlar berilýär. Okuw gollanmasynda organiki sintez boýunça jemi 50 sany tejribe işleriniň ýazgylary ýerleşdirilipdir.
Täze okuw gollanmasy talyplaryň organiki himiýa boýunça nazary bilimleriniň üstüni dolmak bilen, olary tejribe arkaly berkitmäge we organiki sintez babatda amaly başarnyklaryny ösdürmäge ýardam eder.