jero-photo
news-photo

“Orta asyrlar türkmen edebiýaty (X–XVII asyrlar)” atly täze okuw kitaby neşir edildi

2026-09-25

     Filologiýa ylymlarynyň kandidaty Baýram Akatowyň Türkmenistanyň ýokary we ýörite orta mekdepleriniň filologiýa ugrundan bilim alýan talyplaryna niýetlenen, ilkinji gezek taýýarlanan okuw kitabynda türkmen edebiýatynyň orta asyrlar döwrüniň (X–XVII asyrlar) taryhy, görnükli şahsyýetleri öwrenilýär.

      Okuw kitabyna öň öwrenilen edebi şahsyýetler (Mäne baba, Hoja Ahmet Ýasawy, Ýunus Emre, Nesimi, Wepaýy, Burhaneddin Siwasly, Baýram han, Ýusup Balasagunly, Fuzuly, Garajaoglan...) bilen bir hatarda Garaşsyzlyk döwründe döredijiligi ilkinji gezek halka ýetirilen Mahmyt Zamahşary, Nasyreddin Rabguzy, Hüseýin Baýkara, Zahyreddin Babyr, Mähri hatyn, Patşa Hoja ýaly ençeme edebi şahsyýetlerimiz hem girizildi.

     Täze neşir filologiýa ugrundan bilim alýan talyplar, mugallymlar, ýaş alymlar, şeýle hem türkmen edebiýatynyň taryhy bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligi üçin gymmatly okuw-usuly we ylmy çeşme bolup hyzmat eder.