jero-photo
news-photo

Sanlar teoriýasyndan amaly işler we meseleler ýygyndysy neşir edildi

2026-10-03

   Döwletgeldi Kulyyewiň, Oguljan Seýitkulyyewanyň, Мyrat Rahmedowyň awtordaşlygynda taýýarlanan “Sanlar teoriýasyndan amaly işler we meseleler ýygyndysy ” atly okuw gollanmasy neşir edildi.

    Ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar üçin niýetlenen bu okuw gollanmasynda sanlar teoriýasyna we onuň ylmyň, amalyýetiň dürli ugurlarynda ulanmaklyga degişli maglumatlar berilýär. Gollanmada sanlar teoriýasyna degişli natural sanlar, ýönekeý we düzme sanlar, sanlaryň bölünijiligi we ş.m. düşünjelere degişli gysgaça nazary maglumatlar berlenden soňra mysallaryň üsti bilen ol düşünjeleriň ulanylyşy beýan edilýär.

 Gollanma matematika boýunça 5-12-nji synplarda geçilýän saýlama derslerde, gurnaklarda, okuwçylary bäsleşiklere taýýarlamakda peýdalanyp bilner. Şeýle-de matematika mugallymlary, talyplar, mekdep okuwçylary hem-de öz işlerinde sanlar bilen baglanyşykly düşünjeleri ulanýan hünärmenler alyp barýan ylmy-amaly içlerini geçirmekde netijeli ulanyp bilerler.