jero-photo
news-photo

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) halkara maslahatçysynyň instituta iş sapary

2026-10-09

       Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabryndan 5-nji oktýabry aralygynda UNICEF-iň halkara maslahatçysy Salome Namiçeýşwili iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda “Durmuş işi” (bakalawr) taýýarlyk ugrunyň talyplary bilen okuwlar, ylmy-amaly maslahatlar, taýýarlygyň ugry boýunça hünär derslerini okadýan mugallymlar bilen duşuşyklar guraldy. Ylmy-amaly maslahatlara we duşuşyklara durmuş üpjünçiligi ulgamynyň hünärmenleri hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary gatnaşdylar. Maslahatlarda “Guramalar bilen durmuş işi”, “Durmuş işi: Okuwa giriş”, “Çagalar, ýaşlar we maşgalalar bilen durmuş işi” hem-de “Durmuş işi ugry boýunça bakalawr derejesi üçin diplom işiniň temalaryny işläp düzmek” diýen temalara degişli çykyşlar diňlendi. Mugallymlaryň we hünärmenleriň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklarda “Durmuş işi” (bakalawr) taýýarlyk ugrunyň aýratynlyklary we bu ugurda okaýan talyplaryň durmuş üpjünçiligi ulgamyndaky tejribelikleri barada özara pikir alşyldy.

      Bu möhüm halkara başlangyçlar Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  ýurdumyzda durmuş hyzmatlar ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak hem-de dünýä tejribesini milli bilim ulgamyna işjeň ornaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ösüşiniň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.